30.05.2025ý.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň buýsanjyna hem şöhratyna öwrülen baý milli mirasymyzy hemme taraplaýyn öwrenilmegi we wagyz edilmegi möhümdir. Taryhy we medeni mirasymyzyň gymmatlyklary bolan muzeý esbaplaryny goramak, aýawly saklamak hem-de sergilemek biz ýaşlaryň esasy wezipämiziň biri bolup durýar. Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine iýun aýynyň 1-na geçirilýän, çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çagalar gezelenje geldiler. Milli gymmatlyklary we taryhy maglumatlary bilen giňişleýinleýin tanyşdyryldy. Esasanam muzeýiň “Türkmen tebigat” bölümi çagalarda uly gyzyklanma döretdi. 1-nji inunda dünýäniň köp ýurtlarynda bu sene çagalaryň baýramy hökmünde bellenilýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin uly ähmiýetli senedir. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly “Bal süýji, baldan-da bala süýji” diýlip, örän jaýdar aýdylan nakyl diýip belläp geçýär. Çagalar –biziň gelejegimiz. Ähli çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilmegi, sagdyn bolmagy, döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanmagy, her gün özleri üçin nähilidir bir täzelikleri açmagy hem-de öz dostlary we maşgalasy bilen jebislikde ýaşamagyny goldamalydyrys diýip belläp geçýär. Halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony ýaş nesillerimiziň aňyna ornaşdyrmak muzeý işgärleriniň mukaddes borjudyr. Medeni–ruhy gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän ajaýyplyklarymyzy, taryhy–medeni ýadygärliklerimizi öwrenmek, ýaş nesle ýetirmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

×

30.05.2025