26.05.2025ý.

Türkmen halylary türkmeniň milli buýsanjydyr. Türkmen halysy taýsyz owadanlygy, dokalyşynyň nepisligi bilen her bir adamy özüne maýyl edýär. Ene-mamalarymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halylara salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, nesillerden-nesillere geçirip, şu günlerimize ýetiripdirler. Gelin-gyzlerymyz türkmen sähralarynyň gözelligini, al-ýaşyl güllere beslenen dag-düzüni, ýaşaýyş-durmuş şertlerini nagyşlaryň üsti bilen beýan edipdirler. Her bir çitimine tükeniksiz yhlas siňdiren zenanlarymyz halyny sungat derejesine ýetiripdirler. Halylaryň gözellik dünýäsini özünde jemlemeginde tebigy boýaglara mähüm orun degişlidir. Tebigy boýagdan dokalan halylar hiç wagt solmaýar, gaýta ýyllar geçdigiçe ýüzi açylyp, has owadanlaşýar. Ene-mamalarymyzdan miras galan nusgalyk halylar häzirki wagtda biziň mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň etnografýa bölüminde hem birnäçe görnüşini görmek bolýar. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramynyň dabaralary ýurdymyzda ulydan tutulýar. Biziň welaýatymyzda ýerleşýän Ak öýünde hem haly baýramy mynasybetli sergi gurnaldy. Biz muzeý işgärleri bolup bu sergide muzeýmizde bar bolan haly, haly önümleriniň birnäçesini, keçeleri, haly dokamak uçin ulanylan gurallary, torbadyr, çuwallary sergiledik. Mundan başgada medeniýet we sungat ussatlarymyzyň aýdym-sazly, teatrlaşdyrylan çykyşlary ajaýyp baýramçylygyň dabarasyny has-da belende göterdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň buýsanjyna hem şöhratyna öwrülen baý milli mirasymyzyň hemme taraplaýyn öwrenilmegi we wagyz edilmegi möhümdir. Taryhy we medeni mirasymyzyň gymmatlyklary bolan muzeý esbaplaryny goramak, aýawly saklamak hem-de sergilemek biz ýaşalryň esasy wezipämiziň biri bolup durýar.

×

26.05.2025

×

26.05.2025